Gül Pygamberim

MuhammeT (S.A.W.) Älemleriň Serweri

"(Eý Muhammet) Biz seni älemlere rahmet edip iberdik" (Enbiýa, 107)

Hadyslar

Hemme Hadyslar

Ryýazus-Salyhyn 1

Giriş

          «Ryýazus-Salyhyn» Ymam Nebewiniň iň meşhur eseridir. «Salyhlaryň bakjasy» diýmegi aňladýan bu eseriň doly ady «Ryýazus-Salyhyn min Hadisi-(Kelamy) Seýýidil-Murselindir». Ýazarynyň doly ady bolsa Muhýiddin Ebu Zekeriýýa Ýahýa ibn Şeref ibn Murridir (milady 1233-1277). Nebewi sözi delil kabul edilýän beýik hadys alymydyr. Onuň bu eseri örän meşhurlyk gazanypdyr. Şol sebäpli-de eseriň aslyna ýa-da muhtasaryna her öýde diýen ýaly gabat gelmek bolýar.

          Muhýiddin en-Nebewi bu eserini, hususan, «Kutubi-Sittä» esaslanyp ýazypdyr. Ýöne beýleki çeşmelerden hem peýdalanypdyr. Kitapda beýan edilen sahyh hadyslaryň çeşmeleri görkezilýär. Her mowzuk başlananda, şol mowzuga degişli aýatlar hem getirilýär. Alym bu esere şu mowzuklar bilen baglanyşykly hadyslary saýlap alypdyr:

  1. Tehzibi-Ahlak (ahlagyňy gowulamak),
  2. Tahareti-Kulub (Kalbyňy arassalamak),
  3. Beden agzalaryňy günälerden goramak,
  4. Dünýä we ahyret bagtyýarlygyna sebäp bolmak,
  5. Tergib (gowulygy ündemek, ýagşylyk etmegiň getirýän oňat netijelerini bildirmek), terhib (erbetliklerden saklamak, erbetligiň aýylganç netijelerini bildirmek), adaby-salykyn (yslam ýolunyň içki we daşky edepleri) kadalaryna eýermek,
  6. Haýyr işlemekde görelde bolmak, erbetliklerden saklamak.

          Eseriň mowzuklaryna, saýlanyp alnan hadyslara seredilip, «Ryýazus-Salyhyna» başgaça  «Tehzibi-Ahlak», «Edeb», «Tergib» kitaby diýsegem bolýar.

          Ynsanlaryň biri-biriniň, şol sanda Allanyň öňündäki borçlarynyň beýany bolan bu eser jemgyýetçilik ýaşaýşy bilen baglanyşykly kynçylyklaryň çözgüdiniň tertipnamasyndan – pygamber nesihatlaryndan ybaratdyr. Yslamy ýaşaýyşda eýerilmeli pygamber esaslary hakdaky bu eser dine, iman hakykatlaryna hyzmat etmegi özüne borç bilen musulmanlar üçin hem ýolbeletdir.     

          «Ryýazus-Salyhyn» ýazarynyň ýiti galamynyň astyndan çykan gününden beýläk bütin yslam äleminde alymlaryň, ylym ýoluna ýaňy gadam basan talyplaryň, galyberse-de, hadys bilen gyzyklanýan ýönekeý halk köpçüliginiň höwes bilen okaýan kitabydyr.

          Neşir etmek üçin taýýarlanan eliňizdäki şu kitap «Ryýazus-Salyhynyň» muhtasarydyr, ýagny gysgaldylan görnüşidir. Bu kitaba bir müň sekiz ýüz (1800) sany hadysyň arasyndan sekiz ýüz ýetmiş alty (876) sanysy saýlanyp alyndy.

          Ymam Nebewiniň bu eseriniň mundan öň hem örän kän muhtasary çykypdyr. Bu kitaby türkmen diline terjime eden wagtymyz ýönekeý halk köpçüligini göz öňünde tutduk. Terjimede many esas alyndy, ýagny tekstde aýdylmak islenilýän manyny bermäge synanyşdyk. Käbir ýerlerinde düşündiriş bermegi makul gördük.

              Getirilen aýatlaryň (meallaryň) we hadyslaryň çeşmeleri ýerinde görkezilýär. Hadyslaryň başynda hadysy gürrüň beren sahabanyň ady berilýär.

Ryýazus-Salyhyn 2

Niýet we yhlas

          «(Aslynda), olara yhlas bilen ýalňyz Onuň dinini kabul edýän hanyflar (hak dine uýýanlar) bolup, Alla ybadat etmekleri, namazy berjaý etmekleri we zekat bermekleri emir edilipdi. Ine, berk (dogry) din budur». («Beýýine» süresi, 98/5).

          «Hiç haçan bu gurbanlyklaryň etleri we ganlary Alla gowuşmaz. Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter». («Haj» süresi, 22/37)

          (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz gursagyňyzdakylary (ýüregiňizdäkileri) gizleseňiz-de, daşyna çykarsaňyz-da, Alla ony bilýändir. Ol asmanlardaky we ýerdäki zatlary hem bilýändir. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir». («A:li-Ymran» süresi, 3/29).

***

          Müminleriň emiri Omar ibn Hattab (r.a): «Allanyň resulynyň (s.a.w.) şeýle diýenini eşitdim» diýdi:

          «Amallaryň gymmaty niýetlere görä kesgitlener. Kim näme islese, şoňa hem gowşar. Kimde-kim Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak maksady bilen bir ýerden başga ýere hijret etse, (musulmançylygyň gadagan edilen ýerinden musulmançylyga rugsat berilýän ýere göçse), ol Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak niýeti bilen hijret etdi hasaplanar we şoňa görä hem sogap gazanar. Kimde-kim dünýä malyny gazanmak ýa-da öýlenjek zenanyna gowuşmak üçin bir ýerden başga bir ýere hijret etse, onuň hem hijretiniň gymmaty şoňa görä kesgitlener».[1]

***

          Müminleriň enesi Äşäniň (r.anha) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Bir goşun Käbäni basyp almak üçin ýola çykar. Çolaryp ýatan ýere ýetende, şol goşuny tutuşlygyna ýer ýuwdar».

Hezreti Äşe: «Şol wagt men ondan (s.a.w):

– Eý, Allanyň resuly! Olaryň arasynda erbet niýeti bolmadyk ýa-da diňe söwda etmek maksady bilen gelenleri hem ýer ýuwdarmy? – diýip soranymda, Allanyň resuly (s.a.w):

– Hawa, hemmesini ýer hopar. Ýöne ahyretde täzeden direlensoňlar her kim niýetine görä hasap berer[2]diýdi».

***

Hezreti Äşäniň (radiallahu anha) aýtmagyna görä, pygamber sallallahu aleýhi wesallam şeýle diýipdir:

Mekgäniň fethinden (eýelemek) soňra hijret bolmaz, ýöne jihat(Allanyň adyny bütin dünýä ýaýmak we Alla barýan ýollary arçamak ugrunda tagalla etmek) we (jihada) niýet bolar. Alla ýolunda jihada çagyrylan wagtyňyz, eglenmäň![3]

***

Ebu Abdulla Jabir ibn Abdulla el-Ensary (r.a) gürrüň berýär:

Pygamberimiz (s.a.w) bilen bir söweşe gatnaşypdym. Şonda ol şeýle diýdi:

          Söweşe gidesi gelip, gidibilmän Medinede galan şeýle kimseler bar welin, olar siziň bilen birlikde söken ýoluňyzy söken ýaly, geçen jülgäňizi geçen ýaly hasaplanar. Sebäbi olar näsag bolup galanlardyr.

Başga bir hadysa görä şeýle diýipdir:

Olar siziň gazanan sogabyňyza deň şärikdir.[4]

***

Enes (r.a) gürrüň berýär:

– Tebük söweşinden dolanyp gelýärkäk, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi:

Bize goşulyp bilmän, yzda – Medinede galan şeýle kimseler bar welin,  bir dag ýolundan ýa-da bir jülgeden ýöräp geçenimizde (nähili sogap gazanýan bolsak), olar hem biziň bilen ýöräp barýan dek deň sogap gazanarlar. Çünki olaryň siziň araňyza goşulyp bilmändiginiň esasly sebäbi bardyr.[5]

***

          Ebu Ýezid Man ibni Ýezid Ibni Ahnes (r.a) (Manyň özi hem, kakasy Ýezid hem, atasy Ahnes hem sahabadyr) gürrüň berýär:

– Kakam Ýezid sadaka bermek üçin ýany bilen birki dinar aldy-da, Mesjidi-Nebewä bardy. Puly şol ýerde oturan biriniň golaýynda goýdy hem welin, men baryp, şol pullary aldym. Soňra kakama baryp aýtdym. Şonda kakam maňa:

– Alla şaýatdyr, men olary sen alarsyň diýip, (o taýda) goýmandym – diýensoň, men Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna bardym we bolan zady bolşy ýaly aýdyp berdim. Şonda hezreti Pygamber (sallallahu aleýhi wesellem ) şeýle diýdi:

Ýezid! Sen niýetiňdäki sadaka sogabyny gazandyň. Man! Alan pullaryň hem seniňki.[6]

        ***

          Jennet bilen buşlanan on sahabanyň birisi bolan Ebu Ishak Sad Ebu Wakkas (r.a) gürrüň berýär:

          «Weda hajynyň» bolan ýyly (Mekgede) agyr kesele ýolukdym. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem halymdan habar almaga geldi. Şonda men ondan:

          Eý, Allanyň resuly! Görşüň ýaly, ýolugan derdim agyr. Men barly adam. Ýeke gyzymdan başga mirasdarym ýok. Emlägimiň üçden iki bölegini sadaka hökmünde garyp-gasara paýlaýynmy? – diýip soradym.

          Hezreti Pygamber (s.a.w):

          Ýok (beýtme) – diýdi. Men:

          Ýarysyny paýlaýynmy? – diýdim. Ol ýene-de:

          Ýok – diýdi. Onsoň men ondan:

          Eýsem, üçden birisine näme diýýärsiň? – diýip soradym. Şonda ol:

          Üçden birisini paýla! Dogrusy, ol hem kän bolýar. (Yzyňdakylary) hiç zatsyz, halka elgarama edip gideniňden, mirasyňy goýup, barly edip gideniň haýyrlydyr. Allanyň razylygy üçin bir zat eden bolsaň, hatda ýanýoldaşyňa agzyna tutup beren lukmaňa deňiç eden her bir ýagşylygyň sogapsyz galdyrylmaz – diýdi.

          Sad ibni Wakkas sözüni şeýle dowam etdirdi:

          Eý, Allanyň resuly! Egindeşlerim gidip, men bärde galýarynmy (bu ýerde ölýärinmi)? – diýip soradym. Pygamberimiz (s.a.w):

          Ýok, sen bärde galmaýarsyň. Allanyň razylygy üçin haýyrly işler edip, belent mertebelere ýetýärsiň. Enşalla, seniň ömrüň uzak bolar, kimlere (müminlere) peýda, kimlere (kapyrlara) zyýan getirersiň.

          Eý, Rebbim! Ashabymyň (Mekgeden Medinä) hijretini tamam kyl! Olary yzlaryna dolap, hijretlerini ýarym eýleme! Sad ibn Hawle agyr ýagdaýda ýatyr!

          (Allanyň resuly (s.a.w) bu sözler bilen Sad ibni Hawle Mekgede aradan çykar öýdüp, oňa gynanjyny bildirýärdi.)[7]

***

          Ebu Hüreýre Abdurrahman ibni Sahryň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

          Allatagala siziň bedeniňize ýa-da ýüzüňize däl, (eýsem) kalbyňyza sereder.[8]

***

          Ebu Musa Abdulla Ibni Kaýs el-Eşary (r.a) gürrüň berýär:

          Bir gezek Allanyň resulyna (a.s.m) «Birisi gujur-gaýratyny görkezmek (niýeti bilen), ýene birisi milletini goramak (maksady bilen), ýene birisi bolsa mert adam diýdirmek üçin söweşýär. Bularyň haýsysy Allanyň ýolunda boldugy bolýar?» diýip sowal berdiler. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesallam şu jogaby berdi:

          «Kimde-kim Yslamyýetiň (towhyd kelemesiniň) şanyny belende götermek üçin söweşýän bolsa, (ana) şol kişi (hem) Allanyň ýolundadyr».[9]

***

          Ebu Bekre Nüfeý ibni Haris es-Sekafi (r.a) gürrüň berýär:

          Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Iki musulman bir-biri bilen gylyçlaşsa, (munda) öldürenem, ölenem dowzahydyr». Şonda men:

          «Eý, Allanyň resuly! Öldüreniň ýagdaýy belli, emma ölen näme üçin dowzahy bolýar? – diýip soradym. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýip jogap berdi:

          «Çünkü ol (hem) gardaşyny öldürmegi ýüregine düwüpdi».[10]

***

          Ebu Hüreýre (r.a) gürrüň berýär:

          Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Bir kişiniň metjitde jemagat bolup okan namazy iş ýerinde we öýünde okan namazyndan ýigrimi esse dagy sogaplydyr. Şunlukda bir kişi birkemsiz tärät alyp, soň hem başga niýet bilen däl-de, diňe namaz okamak niýeti bilen metjide gitse, tä metjide gelip girýänçä her äden ädiminde bir mertebe beýgeler we bir günäsi bagyşlanar. Metjidiň içine girip, namaz okamak niýeti bilen şol taýda geçiren pursatlary üçin edil namaz okaýan deý sogap ýazylar. Tärätini bozmasa, hiç kime (sözi ýa-da hereketi bilen) zyýany degmese, tä namaz okan ýerinden gaýdýança perişdeler: «(Eý,) Allam! Oňa merhamet et! «(Eý,) Allam! Ony bagyşla! (Eý,) Allam! Onuň tobasyny kabul et!» diýip, onuň üçin dileg-doga ederler».[11]

***

          Ebul-Abbas Abdulla ibni Abbas ibni Abdulmuttalibiň (r.a) habar bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) Allatagalanyň  şeýle diýenini (kudsi hadys) aýdypdyr:

          Allatagala gowulyklar bilen erbetlikleri belli edip, kesgitläninden soňra, olar babatda şeýle düşündiriş berdi:

          Kimde-kim nähilidir bir gowulyk etmegi ýüregine düwse, ýöne edip bilmese, Haktagala şol gowulygy bolmalysy ýaly eden hökmünde sogap ýazar. Eger-de kimde-kim bir gowy iş etmegi ýüregine düwse we etse, Haktagala eden şol bir gowy amaly üçin on sogap ýazar, käte onuň sogabyny ýedi ýüz esse, hatda ondan hem kän-kän artdyryp ýazar. Kimde-kim nähilidir bir erbet iş etmegi niýet etse,  ýöne bu pälinden el çekse, Haktagala oňa edil bolmalysy ýaly bir gowulyk eden dek sogap ýazar. Eger-de kim bir erbet iş etmegi ýüregine düwse we etse, Haktagala oňa diňe bir günä etdi diýip ýazar.[12]


[1] Buhary, «Bedul-wahyý» 1; Muslim, «Imaret» 155.

[2] Buhary, «Haj» 49; Muslim, «Fiten» 4/8.

[3]Buhary,«Menakibul-ensar» 45, «Jihad» 1, 27, 184; Muslim, «Haj» 445, «Imaret» 85; Tirmizi, «Siýer» 32; Nesai, «Beýat» 15.

[4] Muslim, «Imare» 159.

[5]Buhary, «Megazy» 81, «Jihad» 35. Şeýle hem ser: Ebu Dawud, «Jihad» 19; Ibni Maje, «Jihad» 6.

[6]Buhary, «Zekat» 15. Şeýle hem, ser: Darimi, «Zekat» 14; Ahmed ibni Hanbel, Musned, III, 470.

[7] Buhari, «Jenaiz» 36, «Wesaýa» 2, «Nefekat» 1, «Merda» 16, «Daawat» 43, «Feraiz» 6; Müslim, «Wasiýýet» 5. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Feraiz» 3; Tirmizi, «Wesaýa» 1; Nesai, «Wesaýa» 3; Ibni Maje, «Wesaýa» 5.

[8] Müslim, «Birr» 33. Şeýle hem ser. Ibni Maje, «Zühd» 9.

[9] Buhary, «Ylym» 45, «Jihad», 15, «Farzul-humüs» 10, «Towhyd»  28; Müslim, «Imare» 150, şeýle hem, ser. Tirmizi, «Fezailül-jihad» 16; Nesai, «Jihad» 21; Ibni Maje, «Jihad» 13.

[10] Buhary, «Iman» 22, «Diýat» 2, «Fiten» 10; Müslim, «Kasame» 33, «Fiten» 14, 15. Şeýle hem ser.. Ebu Dawud, «Fiten» 5; Nesai, «Tahrim» 29, «Kasame» 7; Ibni Maje, «Fiten» 11.

[11] Buhary, «Salat» 87, «Azan» 30, «Büýi» 49; Müslim, «Taharet» 12, «Mesajid» 272. Ýene-de ser. Ebu Dawud, «Salat» 48; Ibni Maje, «Taharet» 6, «Mesajid» 14.

[12] Buhary, «Rikak» 31; Muslim, «Iman» 207, 259. Şeýle hem ser. Buhary, «Towhyd» 35; Tirmizi, «Tefsiri-sure» (6),10.

Ryýazus-Salyhyn 3

Toba

«Eý, iman getirenler! Halas bolmagyňyz üçin hemmäňiz Alla toba ediň!» («Nur» süresi, 24/31).

«Perwerdigäriňizden bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň!» («Hud» süresi, 11/3).

«Eý, iman getirenler! Çyn toba bilen Alla toba ediň!» («Tahrin» süresi, 66/8).

***

          Ebu Hureýre (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:

          «Walla, her gün ýetmiş gezekdenem kän Allanyň öňünde toba-istigfar edýärin».[1]

                    ***

          Egar ibni Ýesar el-Muzeni (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

          «Eý, ynsanlar! Toba edip, Alladan bagyşlanmagyňyzy diläň! Çünki men (hem) günde ýüz ýola toba edýärin».[2]

                    ***

          Allanyň resulynyň (s.a.w) hyzmatkäri Ebu Hamza Enes ibni Malik el-Ensarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

          «Allanyň bendesiniň toba etmeginden hoşwagt bolşy çola ýerde düýesini ýitirip, soňra ony tapan kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir».[3]

Muslimde geçýän hadysda bolsa şeýle diýilýär: «Siziň biriňiziň toba etmeginden Allanyň hoşwagt bolşy, düňle çölde gidip barýarka, üstünde huruşlyk iýjek-içjegi bolan düýesini elinden gaçyran, yzyny aňtamakdan netije bolmansoň, düýeden umydyny üzüp, bir agajyň kölegesine geçip, ýaňy aýagyny uzadan wagty hem, bir ýerlerden düýesiniň başujunda peýda bolanyny görüp, onuň owsaryndan berk ýapyşyp, begenjine näme samraýanyny hem bilmän:

– (Eý,) Allam! Sen meniň gulum, men seniň Rebbiň – diýen kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir».[4]

***

Ebu Abdulla ibni Kaýs el-Eş’arynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allatagala gündiz günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolup, gije elini açar, gije günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolubam gündiz elini açar. Bu Gün Günbatardan dogýança şeýle bolar.[5]

***

Ebu Abdurrahman Abdulla ibn Omar ibnil-Hattabyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allatagala bendesiniň jany bokurdaga gelmänkä eden tobasyny kabul eder.[6]

***

Ibn Abbas bilen Enes ibn Mäligiň (radyýallahu anhuma) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Adam oglunyň bir jülgäni dolduryp duran altyny bar bolsa, (ýene-de) iki jülgäni doldurjak altynynyň bolmagyny islär. Onuň agzyny (gözüni) toprakdan başga zat dolduryp (doýrup) bilmez (ýöne hars urup ýörendir, arzuwlaryna gutarma ýokdur). Ýene-de Alla toba edeniň tobasyny kabul eder». (Buhary, «Rikak» 10; Muslim, «Zekat» 116).

Sabyr

«Eý, iman getirenler! Sabyr ediň! Sabyrly bolmakda bäsleşiň! (Duşmanlaryňyzdan üstün boluň! Elmydama) nobatda durup, (taýynlykly we ätiýaçly) boluň! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!» («A:li-Ymran» süresi, 3/200).

«Kasam bolsun! Elbetde, Biz sizi biraz gorky, açlyk, emlägiňize, janyňyza we hasylyňyza nogsanlyk ýetirmek (garyplyk) arkaly synarys. Sabyr edenleri söýünjile!» («Bakara» süresi, 2/155).

«Sabyr edenleriň (hak ýolunda tutanýerlilik görkezenleriň) sylaglary bimöçber berler». («Zümer» süresi, 39/10).

«Kim sabyr edip, geçirimlilik etse, elbetde, bu maksada laýyk işlerden biri bolar». («Şura» süresi, 42/43).

«Eý, iman getirenler! Sabyrly bolmak bilen, namaz arkaly (Alladan) ýardam soraň! Şübhesiz, Alla sabyr edenler bilendir». («Bakara» süresi, 153).

«Kasam bolsun! Biz, tä siziň içiňizden (Allanyň ýolunda) söweşenleri we (kynçylyklara) sabyr edenleri tanap, (ýüze çykarýançak) hem-de siziň habarlaryňyzyň (ýagdaýyny) anyklaýançak, sizi synag ederis». («Muhammet» süresi, 47/31).

***

Haris ibn Asym el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Tämizlik imanyň ýarysydyr. «Älhamdulillah» (sözüni) zikir etmek mizan (terezisini doldurjak), «Subhanallah» we «Älhamdulillah» (kelemelerini) zikir etmek bolsa, Ýer bilen asmanyň arasyny gaplap aljak sogap gazandyrar. Namaz nurdur. Sadaka burhandyr (delildir). Sabyr bolsa adamyň (ýoluny ýagtyldýan) çyragdyr. Kuran (tabyn bolup-bolmaýşyňa görä) seniň peýdaňa ýa-da zyýanyňa boljak şaýatdyr. Adam her gün säher bilen özüni gul bazarda satuwa çykarýar. Şunlukda, ýa-ha gazanç edýär ýa-da ýitgä galýar (ýagny Allanyň emirlerine etagat etmek bilen azapdan halas bolýar ýa-da özüni şeýtana aldatmak bilen heläkçilge uçraýar).[7]

***

Ebu Said Mälik ibn Sinan el-Hudry (r.a) gürrüň berýär:

Ensardan birnäçe kişi Allanyň resulyndan (s.a.w) bir zatlar bermegini islediler. Ol (s.a.w) hem berdi. Soňra ýene (bir zadyny) dilediler. (Allanyň resuly) nämesi bar bolsa berdi. Iň soňunda bermäge zady galmansoň, olara garap şeýle diýdi:

«Ýene bermäge zadym bar bolsady, hiç gynanman bererdim. (Ýöne) kimde-kim dilenmekden çekinip, haýa etse, Alla onuň mertebesini beýgelder. Kimde-kim ilden zada hantama bolman, baryna kanagat edip gezse, Alla ony elgarama bolmakdan halas eder. Kimde-kim sabyrly bolmaga gaýrat etse, Alla oňa sabyr yhsan eder. Alla hiç kime sabyrdan has haýyrly ýagşylyk eçilen däldir».[8]

***

Suheýb ibn Sinanyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Mümine, hakykatdanam, gözüň gidýär! Näme üçin gözüň gitmesin?! Eden her işi onuň üçin haýyr bolup dur. (Özi hem) bu diňe mümin üçin şeýle. Çünki ol bir zada begense, şükür edýär. Bu bolsa haýyr bolup dönýär. Başyna bir kynçylyk gelse, sabyr edýär. Bu hem onuň üçin haýyr bolýar».[9]    

***

Enes ibn Mäligiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) balasynyň mazarynyň başynda ses edip aglap oturan bir zenana şeýle diýipdir:

«Alladan gork, sabyrly bol!»

Zenan bolsa pygamberimizi (s.a.w) tanamansoň, şeýle diýip azgyrylypdyr: «Git, şu ýerden! Meniň başyma gelen zat seniňem başyňa gelen bolsa, şonda bilerdiň!» Allanyň resuly (s.a.w) o ýerden gaýtdy. Onsoň ýaňky naçara özüne nesihat eden kişiniň pygamberimizdigini (s.a.w) aýtdylar. Muny eşiden zenan alakjap, Serwerimiziň (s.a.w) öýüne bakan gitdi. Gapyda hiç kim bolmansoň, kürsäp içerik girdi. Ol pygamberimize (s.a.w): «Sizi tanamandyryn (meni bagyşlaň)» diýip, ötünç sorady. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi:

«Çyn sabyr – bela-beteriň başyňa düşen ilki pursatynda çydam edip bilmekdir».[10]

***

Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:

Allanyň resulynyň (s.a.w) bir pygamber hakda aýdyp berenleri häli-şindi göz öňümde janlanyp dur. Ol pygamber kowmy tarapyndan urulmakdan ýaňa ýüzi-gözi gana boýalan hem bolsa, ýüzüniň ganyny süpürip, «Eý, Allam! Kowmumy bagyşla, olar (hakykaty) bilmeýär» diýipdir.[11]   

***

Ebu Said bilen Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Allatagala müminiň başyna gelen bela-beteri, kynçylygy, hassalygy, hasratly ýagdaýy, hatda aýagyna tiken çümmegini-de ýalňyşlaryny bagyşlamak üçin sebäp bilipdir».[12]

***

Enesiň (r.a) gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Hiç haýsyňyz başyna gelen bir musybat zerarly, ölümi dilemesin! Bardy-geldi muňa mejbur bolsa, onda şeýle diýip dileg etsin:

Eý, Allam, ýaşamak meniň üçin haýyrly bolsa, onda ýaşaýşymy dowam etdir. Ölüm meniň üçin haýyrly bolan çagy bolsa janymy al!»[13]

***

Habbab ibn Eret (r.a) gürrüň berýär:

(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) donuny ýassyk edinip, Käbäniň kölegesinde dynç alyp ýatan eken. Şonda biz onuň ýanyna baryp, (müşrikleriň bize ezýet ýamanyny çekdirýänini) arz etdik. «Alladan bize ýardam bermegini diläp doga etjek dälmi eýsem?!» diýdik. Ol (s.a.w) bize garap şeýle diýdi:

  Öňki ymmatlaryň arasynda şeýle müminler bolupdy. Olary alyp, (ýarty biline deňiç) bir çukura gömýärdiler. Yzyndanam byçgy bilen başyndan dikligine ikä bölýärdiler. Ýa bolmasa, demir dyrmyklar bilen eti-hamy diýmän sypyryp aýyrýardylar. Şonda-da olar dininden dänmezdiler. Alladan ant içip aýdýaryn, bu diniň ýaýyljagy ikuçsyzdyr. Ynha, şeýle bir gün geler welin, islendik adam Alla gorkusyndan we sürüsini gurda talatmakdan başga hiç zatdan howatyr etmän, ýeke özi atlanyp, Sanadan Hadramewte çenli arkaýyn gider. Beýle sabyrsyz bolmaň (ahyry)![14]

***

Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:

Hüneýn söweşinden düşen oljalaryň paýlanyşygynda Allanyň resuly (s.a.w) käbir kişilere başgalara görä artygrak paý berdi. Akra ibn Habise ýüz düýe, Uýeýne ibn Hysna hem şonçarak berdi. Edil şonuň ýaly araplaryň sylanýan kişilerine beýlekilerä görä känräk paý berdi. Mundan ötri (pygamberimiziň (s.a.w) niýetine düşünmedik) bir kişi «Bu olja paýlanyşygy adalatly bolmady. Munda Allanyň razylygy göz öňünde tutulmady» diýip, närazylygyny bildirdi. Onuň bu sözüni eşidip oturyp, ynjalyk tapmadym. Derhal onuň diýenlerini pygamberimize (s.a.w) ýetirdim. Muny eşiden Allanyň resulynyň (s.a.w) ýüzi çym-gyzyl boldy we şeýle diýdi:

«Allanyň resuly (s.a.w) adalatly bolman, kim adalatly bolsun?!». Soňra ýene şeýle diýdi:

«Alla Musa merhemet etsin! Ol mundanam beterini gördi, emma şeýle hem bolsa, sabyr etdi».

Men şonda öz-özüme «Mundan beýläk biriniň aýdan sözüni Allanyň resulyna (s.a.w) ýetirmerin» diýdim.[15]

***

Enes ibn Mäligiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Allatagala gowulyk islän bendesini (eden günäsi üçin) bu dünýäde mähetdel jezalandyrar (ahyrete goýmaz). Erbetlik isleýän guluny bolsa, (bu dünýäde) jezalandyrmaz, kyýamat güni huzuryna çykýança, (jezasyny) yza süýşürer.[16]  

***

Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Arkasy ýere degmeýän çyn pälwan göreşde bäsdeşini ýeňýän kişi däl-de, eýsem gahary gelen pille özüni saklap bilýän kişidir».[17]

***

Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Erkek ýa-da zenan, tapawudy ýok, mümin kişi ýa özi ýa-da bala-çagasy, ýa bolmasa mal-emlägi zerarly hemişe başy belaly bolar. (Şol belalaryň hersi onuň bir günäsiniň bagyşlanmagyna sebäp bolar we) Allanyň huzuryna günäsiz (adam bolup) barar.[18]

Useýd ibn Hudaýr (r.a) gürrüň bermegine görä, ensardan bir kişi: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Pylany ýaly meni hem bir ýere häkim belläýiň!» diýip, özüne-de wezipe berilmegini isläpdir. Şonda seýýidimiz (s.a.w) oňa şeýle diýip jogap beripdir:

«Dogrusy, siz menden soňra tanyş görlüp wezipä bellenişigiň şaýady bolarsyňyz. Tä (Adn jennetinde şahsym üçin taýýar edilip goýlan Köwser atly) howuzyň kenarynda maňa gowuşýançaňyz sabyr ediň».[19]


[1] Buhary, «Daawat» 3. Şeýle hem, seret. Tirmizi, «Tefsiri-sure» (47); Ibni Maje, «Edeb» 57.

[2] Müslim, «Zikir» 42. Şeýle hem, seret. Ebu Dawud, «Witr» 26; Ibni Maje, «Edeb» 57.

[3] Buhary, «Daawat» 4; Müslim, «Toba» 1, 7, 8.

[4] Müslim, «Toba» 7. Şeýle hem seret. Tirmizi, «Kyýamet» 49, «Daawat» 99; Ibni Maje, «Zühd» 30.

[5] Müslim, «Toba» 31.

[6] Tirmizi, «Daawat» 98. Şeýle hem seret. Ibni Maje, «Zühd» 30.

[7] Muslim, «Taharet» 1  

[8] Buhary, «Zekat» 50, «Rikak» 20; Muslim, «Zekat» 124.

[9] Müslim, «Zühd» 64.

[10] Buhary, «Jenaiz» 32, 43; «Ahkam» 11; Muslim, «Jenaiz» 14-l5.

[11] Buhary, «Enbiýa» 54; Muslim, «Jihad» 104.

[12] Buhary, «Merda» 1; Muslim, «Birr» 49.

[13] Buhary, «Merda» 19; Muslim, «Zikir» 10.

[14] Buhary, «Menakyb» 25.

[15] Buhary, «Edeb» 53; Muslim, «Zekat» 145.

[16] Tirmizi, «Zuhd» 57.

[17] Buhary, «Edeb»102; Muslim, «Birr» 106.

[18] Tirmizi, «Zühd» 57.

[19] Buhary, «Fiten» 2; Muslim, «Imare» 48.

Ryýazus-Salyhyn 4

Dogry sözli bolmak

Dürslük

«Eý‚ iman getirenler! Allanyň emirlerine garşy gelmekden gorkuň we dürs (dogry) ynsanlar bilen birlikde boluň!» («Toba» süresi, 9/19).

***

«Alla musulman erkeklere we zenanlara, mömin erkeklere we zenanlara, yhlas bilen Alla ybadat edýän erkeklere we zenanlara, Allanyň sadyk gullary bolan erkeklere we zenanlara, sabyrly erkeklere we zenanlara, Alladan gorkýan we çekinýän erkeklere we zenanlara, sadaka berýän erkeklere we zenanlara, oraza tutýan erkeklere we zenanlara, namyslaryny goraýan (zyna etmeýän) erkeklere we zenanlara, Allany köp zikir edýän (ýatlaýan) erkeklere we zenanlara ýalkaw we uly sylag taýýarlady». («Ahzab» süresi, 33/35).

***

«(Olaryň etmeli işi) tabyn bolmak we ýagşy söz sözlemekdir. Iş çynlakaýlaşan mahaly olar Alla (beren sözlerinde) dursalardy, elbetde, özleri üçin has haýyrly bolardy». («Muhammet» süresi, 47/21).

***

Abdullah ibn Ebi Ewfa (r.anhuma) gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) bir gezek duşman bilen gapma-garşy geldi. Emma dessine söweşe girişibermedi. Gün ýaşýança garaşdy. Şol pille esgerlere ýüzlenip şeýle diýdi:

Eý, musulmanlar! Hergiz duşman bilen bir ýüzbe-ýüz bolsadym diýmäň! Alladan aman-esenlik diläň! Ras, duşman bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy, sabyry elden bermäň! Şuny bilip goýuň: jennet gylyçlaryň kölegesiniň astyndadyr.

Mundan soňra hem şeýle diýip dileg etdi:

Eý, kitaby (Kurany) indiren, bulutlary asmanda gezdiren, sap tutan duşmanlary derbi-dagyn eden Allam! Şu duşmany (hem) perişan kyl we bize olary ýeňmegi miýesser et![1]

***

Ibn Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Nebileriň Serweri (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Dogrulyk (ynsany) gowulyga (alyp barar), gowulyk bolsa jennete äkider. Dürslügi jäht tutan ynsanyň aýdýanam, gözleýänem dogry bolar. Şunlukda, Allanyň gatynda onuň ady syddyklaryň içinde ýazylar.

Ýalan (ynsany) fujura (azgynlyga alyp barar), fujur bolsa (eltip) dowzaha atar. Şunlukda, Allanyň gatynda ýalana endik eden kişiniň ady kezzaplaryň (ýalançy) arasynda ýazylar».[2]      

***

Hasan ibn Ali ibn Ebi Talyb (r.anhuma) gürrüň berýär.

Men Allanyň resulynyň (s.a.w) aýdan şeýle bir pendini berk ýat tutdum:

«Şübheli bolan zady goý, şübheli bolmadyk zada gara! Çünki köňül (söz ýa iş babatynda) dogry bolan zatdan huzur tapýar, ýalandan (bolsa) birahatlyk».[3]

***

Sehl ibn Huneýf (r.a) gürrüň bermegine görä, Nebileriň Serweri (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Çyn ýüreginden şehit bolmagy islän kişi düşeginde jan tabşyranam bolsa, Alla ony şehitlik mertebesine beýgelder».[4]

***

Ebu Hureýräniň (r.a) aýdyp bermegine görä, ol Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:

Öňki pygamberleriň (Allanyň salat we salamy bolsun) birisi söweş üçin ýörişe çykmanka, ymmatyna şeýle diýip ýüzlendi:

«Araňyzda täze öýlenip, heniz gerdege aýak basmadyk, öý galdyrybam, üstüni basyrmadyk hem-de bogaz düýesi ýa-da goýny bolup dogurmadyk kişiler bar bolsa, meniň yzyma düşmesin!» Ine, şu sözleri aýdandan soňra ýola düşmek bilen boldy. Ikindin töwerekleri söweş boljak meýdana baryp ýetdi. Ol pygamber Güne garap: «Senem, menem näme buýrulsa şony edýäris» diýdi. Soňra-da «Eý, Allam! Günüň ýaşýan wagtyny gijikdireweri!» diýip, Alla dileg etdi. Şunlukda, Allatagala tä ol ýeňiş gazanýança, Günüň ýaşýan wagtyny gijikdirdi. Söweş tamam bolansoň, ele geçirilen oljalar bir ýere üýşürildi. (Edähede görä,) üýşüp duran oljanyň üstüne asmandan ataş indi, ýöne olja alawlap ýanybermedi. Şonda pygamber: «Araňyzdan käbiri olja el urupdyr. Hany derrew, herki kowumdan bir wekil gelip, elini elime berip, maňa gol berýändigini bildirsin» diýip seslendi. Gol berişlikde bir kişiniň eli pygamberiň eline ýelmeşip galyberdi. Onsoň pygamber oňa: «Dönük siziň araňyzdan biri bolmaly. Derrew seniň kowmuňdan bolanlar gelip maňa gol bersinler» diýip, tabşyryk berdi. Şol gelenleriň arasyndan iki-üç kişiniň eli pygamberiň eline ýapyşdy duruberdi. Pygamber olara: «Ogurlyk zat sizde» diýdi. Olar gidip, ýaşyran zadyny alyp geldiler. Sygyryň kellesine meňzäp duran, altyndan bir zat eken. Pygamber ony alyp, üýşmek bolan duran oljanyň üstüne zyňyp goýberdi. Asmandan ataş düşüp, olja ýanyp kül boldy. Sebäbi bizden öňki hiç bir pygamberiň ymmatyna söweş bilen ele geçirilen olja halal edilmändi. Ýöne Allatagala ejizligimizi, güýçsüzligimizi göz öňünde tutup, oljany bize halal etdi».[5]


[1] Buhary, «Jihad» 112; Muslim, «Jihad» 20.

[2] Buhary, «Edeb» 69; Muslim, «Birr» 103.

[3] Tirmizi, «Kyýamet» 60.

[4] Muslim, «Imare» 157.

[5] Buhary, «Humus» 8; Muslim, «Jihad» 32.

Ryýazus-Salyhyn 5

Allanyň bendelerine gözegçilik edişi

«Ol seni (gije namaza) durýanyňy hem görýändir. Sežde edýänleriň arasyndakaň (sežde, rukug we oturup ybadat edişiňi) hem görýändir». («Şuara» süresi, 26/218-219).

***

«Siz nirede bolsaňyz hem, Ol (ylmy we gudraty bilen) siziň ýanyňyzdadyr». («Hadid» süresi, 57/4).

***

«Ne ýerde, ne-de asmanda hiç zat Alladan gizlin galmaz». («A:li-Ymran» süresi, 3/5).

***

«Şübhesiz, Rebbiň elmydama göz astynda saklaýandyr». («Fejr» süresi, 89/14).

***

«(Alla) gözleriň hyýanatçylykly seredişini we ýürekleriň pynhan işlerini biler». («Mümin» süresi, 40/19).

***

Omar ibn Hattab (r.a) gürrüň berýär:

Bir gün Allanyň resulynyň huzurynda (s.a.w) otyrkak, ap-ak geýimli, şar gara saçly, ýol söküp gelene meňzemeýän bir del adam geldi. Ol pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna ýakynlaşdy we edil gabadyna geçip, dyzlaryny pygamberimiziň (s.a.w) dyzlaryna degrip oturdy. Ellerini dyzlarynyň üstünde goýdy. Soňra-da pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Muhammet! Maňa Yslamy düşündir!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w): «Yslam Alladan başga ylahyň ýokdugyna, Muhammediň Allanyň resulydygyna şaýatlyk etmekdir. Namazy kämil görnüşde okamakdyr. Zekat bermekdir. Remezan aýynda agyz beklemekdir. Güýjüň ýetse, Käbä zyýarata (haja) gitmekdir» diýdi. Ol adam: «Dogry aýtdyň» diýdi. Onuň ilki özüniň sowal bilen ýüzlenmegi, soňundan bolsa (pygamberimiziň (s.a.w) sözlerini) «dogry» diýip tassyk etmegi bizi geň galdyrdy. Del adam ýene-de (pygamberimize (s.a.w): «Maňa imany düşündir!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w): «Iman – Alla, (Onuň) perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe ynanmakdyr. Ýazgyda, haýryň we şeriň Ondandygyna iman getirmekdir» diýdi. Nätanyş adam (Allanyň resulynyň (s.a.w) bu sözlerini hem): «Dogry aýtdyň» diýip tassyk etdi we şeýle diýdi: «Bolýar, indi bolsa yhsan barada aýdyp ber!» Allanyň resuly (s.a.w): «Yhsan – Allany edil görýän deý gulluk etmekdir. Her näçe sen Ony görmeýän hem bolsaň, Ol seni görýändir» diýdi. Nätanyş adam ýene-de: «Dogry aýdýarsyň» diýdi. Yzyndanam: «Kyýamat haçan gopýar?» diýip sorady. Hezreti pygamberimiz (s.a.w): «Bu babatda sowal berilýän kişiniň sowal edýänden artykmaç bilýän zady ýokdur» diýdi. Şunlukda, del adam: «Onuň ýaly bolsa kyýamatyň alamatlary hakda aýdyp ber!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) ynha, şulary aýdyp berdi: «Eneler özlerini gyrnak ýaly edip ulanjak perzentler dogurjak. Aýakýalaň, başgapsyz ýoksul goýun çopanlary öz aralarynda belent-belent binalar gurmakda bäsleşjekler». Soňra ol adam sessiz-üýnsüz metjitden çykyp gidiberdi. Men bolsa haýran galmakdan ýaňa özümi ýitirip otyrdym. Allanyň resuly (s.a.w) menden: «Eý, Omar! Sowal beren kişiniň kimdigini bilýärmiň?» diýip sorady. Men: «Alla we Onuň resuly bilýär» diýdim. Allanyň resuly (s.a.w): «Ol Jebraýyldy. Size diniňizi öwretmäge gelipdi» diýdi.[1]  

***

Ebu Zer Jundeb ibn Junade bilen Muaz ibn Jebeliň (radyýallahu anhuma) gürrüň bermegime görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Nirede we nähili ýagdaýda bolsaň hem Alladan gork! Bardy-geldi bir günä iş edäýseň, dessine haýyrly iş et ki, (goý) günäň ýuwulsyn! Ynsanlar bilen mylakatly, hoşgylaw bol![2]

***

Abdulla ibn Abbas (r.a) gürrüň berýär:

Bir gün pygamberimiz (s.a.w) bilen bir ulaga artlaşyp, gidip barýardyk. Şonda Ol (s.a.w) maňa şeýle diýdi:

Ýaş ýigit! Saňa pendim bolsun: Allanyň emirlerini berjaý kyl, gadagan eden zatlaryndan saklan! Şonda Alla-da seni gorar. Herki işiňi Allanyň razylygy üçin etgin! Şeýtseň, Allanyň ýardamy seniň bilen bolar! Islän her bir zadyňy Alladan dile! Ýogsam-da bütin ymmat seniň peýdaň üçin jem bolsa, barybir Allanyň buýranyny berip bilerler. Şeýle hem bütin ynsanlar jem bolup saňa zyýan bermäge synanyşsa, Allanyň buýranyndan daşgary zerre ýaly zyýan berip bilmezler. Galamlar ýazmasyny goýdy, syýalar gurady.[3]    

***

Enes ibn Mälik (r.a) gürrüň berýär:

Siz şeýlebir işler edýärsiňiz, hatda olara gyl ýaly ähmiýet bermeýärsiňiz. Emma biz bolsa, Allanyň resulynyň (s.a.w) zamanasynda şolar ýaly işleri heläkçilege eltýän uly ýalňyşlyk diýip hasap edýärdik.[4]

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allatagala (gullaryna) gazaplanýar. Allanyň gazaby günä işleýän gullarynadyr.[5]

***

Şeddad ibn Ewsiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Akylly kişi (heniz ölmänkä) özüni hasaba çekýän we salyh amallar işläp, ölümden soňky ýaşaýşyň aladasyny edýän kişidir. Ejiz, nalajedeýin kişi bolsa nebsi arzuwlarynyň ugrunda selpäp, halas bolmagy üçin bolsa hiç zat etmän, (yzyndanam) «Allanyň özi günämi öter-dä» diýip, öz ýanyndan hyýal ýüwürdýän kişidir.[6]

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir kişiniň özüne peýdasy degmeýän we baglanyşygy bolmaýan zatlary terk etmegi, onuň oňat musulmandygyny görkezýär.[7]


[1] Muslim, «Iman» 1.

[2] Tirmizi, «Birr» 55

[3] Tirmizi, «Kyýamet» 59.

[4] Buhary, «Rykak» 32.

[5] Buhary, «Nikah» 107; Muslim, «Toba» 36.

[6] Tirmizi, «Kyýamet» 25.

[7] Tirmizi, «Zühd» 11.

mugjyza - ikä bölünen aý
title logo

Mugjyzalarz

Mugjyzalar barada

Mugjyza diýmek Haktagalanyň öz bendesini pygamber edip saýlandygynyň tassyknamasydyr, bendesini «sadakte» («Ras aýdýaň!») diýip makullamagydyr. Mysal üçin, sen mejlisde ýa-da hökümdaryň gözüniň öňünde «Hökümdar maňa pylan wezipäni ynandy» diýip gürleseň, daşyňdakylar seniň bu aýdan sözüňe delil görkez diýmegi ahmal. Ana, şonda hökümdar hem «Dogry» diýip, seniň sözüňi tassyklasa gerek. Şol mahal hökümdar seniň haýyşyň boýunça hemişeki adatyny, öňden bäri ýöräp duran kada-kanunyny üýtgedäýse dagy, seniň sözüň dogrulygy has kesgitli, has ygtybarly bolar.

Edil şonuň ýaly-da, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem: «Şu älemiň Halygy meni wekil edip iberdi» diýýär. Sözüne delil edip, ýüzlerçe mugjyza görkezýär.

doly okaň
Mugjyzalar - Magraj

Magraj

...

Mugjyzalar - Aýyň Bölünmegi

Aýyň Bölünmegi

...

Mugjyzalar - Bulak

Bulak

...

Mugjyzalar - Zäherli Nahar

Zäherli Nahar

...

Mugjyzalar - Hurma Agajy

Hurma Agajy

...

Pygamberimiziň (s.a.w.)ömür beýany

Serwerimiz SAW
Rose

Çölde açylan Gül

Onuň nury gelmezden öň bütin älemi matam howasy gurşap alypdy. Ähli zat bir-birine duşman, barlyklar häki bir jeset, ynsanlar ebedi ýokluga sary barýan ýetimler ýalydy.

Älem onuň getiren nury bilen dolup-daşyp, ajaýyp bir zikirhana, şükür edilýän ybadathana öwrüldi. Bir-birine duşman ýaly görünýän barlyklar dogan boldy. Allanyň soňsuz eýeçiligindäki ähli barlyklar ynsanyň buýrugyna tabyn bolup, Onuň hyzmatyna durdy. Ynsanlar bolsa ebedi ýok bolmakdan halas bolup, Allanyň soňsuz bagtyýarlyk ülkesi bolan jennete çagyrylýan eziz myhmanlara öwrüldiler. Gepiň gysgasy, älemlere rahmet edilip iberilen Pygamberimiz (s.a.w) adamzadyň gijesini gündize, gyşyny bahara öwürdi.

Dowamyny okaň

1-nji gün: Ol geler!

Güller reňbe-reň açylypdy, miweli agaçlar tebigatyň gözelligine görk goşýardy. Çagalar şatlanyp, guşlar pelpelläp uçuşyp, derýalar joş urýardy. Dünýä özboluşly gözellige beslense-de, bagtsyzdy. Sebäbi onuň üstünde örän aýylganç wakalar bolup geçýärdi. ...

doly okaň

2-nji gün: Dünýäniń göwher gaşy – Käbe

Pygamberimiziň (s.a.w) dünýä inmeli wagty golaýlapdy. Şol döwürler Mekge şäherine Hz. Ybraýymyň (a.s) neslinden bolan Abdulmuttalyp ýolbaşçylyk edýärdi. Pygamberimiziň (s.a.w) atasy Abdulmuttalyp Käbäni janyndan hem eý görýärdi, ony aýap saklamak ...

doly okaň

3-nji gün: Käbäniň eýesi!

Ebrehe Käbäni ýykmak üçin uly goşun ýygnap, säher bilen Mekkä tarap ýörişe çykdy. Ebrehäniň goşunynda uzak diýarlardan getirilen äpet söweş pilleri hem bardy. Ebrehe olary dürli reňkli ýüpek matalar bilen ...

doly okaň

4-nji gün: Ebabil guşlary

Käbäni ýer bilen ýegsan etmek üçin öňünde hiç-hili päsgelçiligiň ýokdugyny gören Ebrehe goşunyna hüjüm etmegi buýurdy. Emma şol wagt Ebrehäniň iň buýsanyp ýören pili Mahmyt duran ýerinde çöke düşdü-de, ýatyberdi. ...

doly okaň

5-nji gün: Ýer ýüzi şatlyk-şowhuna beslenipdi!

Ol wagtlar siz ýokduňyz. Dünýede başga adamlar, başga çagalar ýaşaýardy. Gowy adamlar diýseň azdy. Çar tarapy erbetlik gurşap alypdy. Adamlara bagt paýlajak bir halasgär gelmelidi. Beýik Allatagala şeýle halasgäri iberjekdigine ...

doly okaň

6-njy gün: Gül ysly çaga!

Mekgäniň iň bagtyýar öýünde bir ene ýaşaýardy. Ol şol garaşylýan çaganyň ejesi, dünýäniň iň bagtly zenany hz. Aminedi. Begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýan Amine ýanyndakylara şeýle diýýärdi: «Çagamyň dünýä ...

doly okaň

7-nji gün: Hz.Muhammediň (s.a.w) enekä berilmegi!

Şol döwürler mekgeliler täze dogan çagany sährada ýaşaýan çarwalara seretdirmäge berer ekenler. Mekgäniň jowzaly howasy ýaňy doglan çagalara ýaramsyzdy. Olar yssy howada çalt keselleýärdiler. Şonuň üçin Amine bäbegini salkyn sährada ...

doly okaň
title logo

Pygamberimiziň (s.a.w.) Mübärek keşbi

Ählisi

1) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) daş keşbi

Resuly-Ekrem (s.a.w) ortadan uzyn boýludy. Irimçik göwresi göreniň gözüni dokundyrýardy. Nuranadan akýagyz teni çala gyzyl öwüsýärdi. Burnunyň iki gaşy bilen birleşýän ýeri sähel tümmi bolup, keşbine gelşik berýärdi. Gözleri gara, gaşlarynyň arasy sähelçe açyk, sakgaly gür, eginleri giň, çiginlek, el-aýagy ýognasdy. Çalaja buýralanyp duran melemtil saçlary tolkun atyp durýardy.

Doly Okaň

2) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) müşk sepinişi, gepleýşi, gülşi, uklaýşy, möhür basyşy we oturyp-turşy

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w), esasanam, töweregindäkileri birahat etjek derejede ýiti bolmadyk reňksiz hoşboý ysly müşk-anbarlar hödür edilende höwes bilen kabul ederdi.

Doly Okaň

3) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bezeg ulanyşy, oturşy-turşy

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) gündelik durmuşynda aňrybaş edebe ýugrulan ýaşaýşy, gepleýşi, ýöreýşi, oturşy-turşy, adamlar bilen gepleşen wagty güler ýüzlüligi, salykatlylygy bilen göreniň ünsüni özüne çekerdi.

Doly Okaň

4) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) geýnişi, iýip-içişi, öý goşlary

Resuly-Ekrem (s.a.w) eginbaşynyň tämizligine, göze gelüwliligine uly üns bererdi. Ykjamdan gelşikli geýnerdi, sallam-sajak bolup ýörmegi halamazdy. Ol (s.a.w) geýýän eşiginiň matasy könelip, sary gidýänçä geýerdi.

Doly Okaň

5) Pygamberimiziň (s.a.w) tertip-düzgünlilige hem-de salyhatlylyga ähmiýet berşi

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hemişe tertipli, serenjamly ýaşamaga çalşardy. Musulmanlara-da her bir zatda düzgünli, salyhatly bolmagy ündärdi. Bir gün Resulallanyň (s.a.w) ýanyna saç-sakgaly imeşik bir adam geldi. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) oňa gidip, üst-başyny düzedip gelmegini yşarat etdi. Ol hem gidip, saç-sakgalyny darap geldi. Şondan soň Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: ...

Doly Okaň

Pygamberimiziň (s.a.w.) eden Doga Dilegleri

Doly okaň
title logo

Sahabalar

"Ashabym gökdäki ýyldyzlar ýalydyr,
haýsyna boýun bolsaňyz dogry ýola düşersiňiz"

Serwerimiz SAW
Dört Çaryýar
Ilkinji Ynanlar
Jennet bilen Buşlananlar
Bedir Ashaby

Dört Çaryýar

Kimler olar?

  1. Ebu Bekir R.A.
  2. Ömer bin Hattab R.A.
  3. Osman bin Affwan R.A.
  4. Ali ibn Ebu Talib R.A.

Ilkinji Ynanlar

Kimler olar?

  1. ...

Jennet bilen buşlananlar

Kimler olar?

  1. ...

Bedir Ashaby

Kimler olar?

  1. ...
logo

Gazalary we seriýýeler

Doly okaň

Gaza

Seriýýe

624
625
627
627
628
629
629
630

Bedir Söweşi

Uhud Söweşi

Hendek Söweşi

Kuraýzaogullary Gazasy

Hudeýbiýe Ylalaşygy

Haýber Söweşi

Mute Söweşi

Mekke Fethi

Serwerimiz SAW
title logo

Mübärek enelerimiz

Hezreti

Sewde binti Zema (r.a)

Okaň
Hezreti

Hafsa

Okaň
Hezreti

Zeýnep binti Huzeýme

Okaň
Hezreti

Ümmi Seleme

Okaň
Hezreti

Jüweýriýe

Okaň
Hezreti

Zeýnep binti Jahş

Okaň
Hezreti

Ümmi Habibe

Okaň
Hezreti

Meýmune

Okaň
Hezreti

Safiýýe

Okaň
Hezreti

Aýşe

Okaň
Hezreti

Hatyja (radyallahu anha)

Okaň
title logo

Pygamberimiziň (s.a.w.) Maşgala durmuşy

...

Doly Okaň

...

title logo

Kurany Kerimiň Mealy

"(Eý Muhammet) Biz seni älemlere rahmet edip iberdik"
(Enbiýa, 107)

#2
#3

Pygamberimiz (s.a.w.) hakynda ýazylan Şygyrlar

Doly okaň
title logo

Dünýä belli şahsyýetlerPygamberimiz (s.a.w.) barada

«Taryhda iň täsirli 100 beýik şahsyýet» atly sanawymyň başyna Muhammedi ýerleşdirmegimi käbir okyjylar geňlese geňländirem, elbetde, meniň bilen ylalaşmajaklaram tapylar, şeýle-de bolsa taryhda dünýewi hem dini işler babatynda iň ýokary başarnyga eýe bolan ýeke-täk ynsanyň Muhammet bolandygy jedelsizdir.

Maýkl H. Hart

Doly okaň

Öňki problemalaryň üstüne has agyr problemalar ýüklän bu asyrymyzda ähli işleri bir ýuwdum suw içen ýaly arkaýyn çözen Hezreti Muhammed (sallallahi aleýhi weselleme) adamzat nähili mätäç.

Bernard Show

title logo

Günüň sünneti

Geliň, şugün Pygamberimiziň (s.a.w.) bir sünnetini öwreneliň!


Arabystanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan taýpalar musulman bolmak ýa-da musulman bolandyklaryny habar bermek we täze kabul edilen yslam dininiň esaslaryny öwrenmek üçin hezreti Pygamberimize (s.a.w) wekiliýetlerini ýollaýardylar. Gelip giden bu toparlaryň sany ýetmişden gowrakdyr. Ilkinji wekiliýet hijretiň sekizinji ýylynda hewazin taýpasyndan gelýär. Iň soňky wekiliýet bolsa hijretiň onunjy ýylynyň şewwal aýynda Ýemende ýaşaýan neha taýpasyndan gelen topardyr. Gürrüňi edilýän ilçileriň köpüsi hijretiň dokuzynjy ýylynda gelensoň, bu ýyla «senetül-wüfud (ilçiler ýyly)» diýlipdir.